ÝÜREK GÖZLÄP
Göz gyzdyrman başga zada,
Gezdim ýürek gözleginde.
Ýalñyşlyklar ýazgyt paýym,
Şowsuzlyklar gözlegimde.
Bitmejek däl - bitirmek kyn,
Şol gymmatla hyrydardym.
Ýetilmedik bir islegim,
Çyn ýürekden - çyna zardym.
Aýasynda hödürlänler,
Juda çyna berimsizdi,
Ýa - ha olar örän ýeser,
Ýa - da çakdan görümsizdi.
Tapyljakmy, kim başarjak,
Añsat ýaly göräýmägä.
Ýürek gerek - hödürläre,
Ýürek gerek - beräýmäge.
28.04.2018
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 687 |
Добавил: ryazhanowa
| Теги: Rozygül Ýazhanowa
| Рейтинг: 3.5 /2
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 3
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Salam eziz Nur! Synanşýan öz-ä.
0
2
Garayolly
(04.07.2018 00:35)
Rozyguliñ goshgylaryny men laynda-da halap okayardym. Ol goshgylaryny duygy bn upjin edip yazsa-da, goshgydaky duygylaryny durmush reallygyna berk baglayar. Onuñ bu goshgysy hem gowy cykypdyr. Yagny, gyzykly detala uns beripdir.
0
Minnetdar eziz adamlar! Men şu wagt öwrenjeräk bolýan. Zatlarmy goýmagy kän bir oñaramak. Hekaýalaram goýmakçy nesip bolsa.