07:47 Ýürek sensiz oñmajagyn... | |
Ýürek sensiz oñmajagyn bilse-de, Ädimlerme badak atýar mertebäm. Kömür saçlañ kümüş bolan tary bar, Meñ öñümde ellenmedik ertelem. Gülleñ içi seýil-seýran mesgenim, Sen buz basan ýüreklerde taýypsyñ. Aýy apar, ýyldyzy dak boýnuma, Dahana ýaraşmaz diýseñ: "Taýymsyñ". Bilýän, göreçleriñ meniñ kölegäm, Seriñ - serhoş, elleriñde badañ ýok. Gedem-gedem bakyşlaryñ zarbyndan Goramakdan hem söýmekden ýadañok Geçmeli ýollaryñ kartasyn çyzyp Ýelmenipdir pursat bermän soraşma. Pelek çarhyn saklamaga çakym ýok, Ýoluñ açyk, sen meñ üçin garaşma! Gülnabat HURŞIDOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
