09:55 Ýyllara gurban | |
|
Altmyşa aşyran ýyllara gurban. Durmuş synagyndan sag-aman geçip, Eñekde agaran gyllara gurban. Oglanlygyñ, ýigitligiň nysagy, Göwün galkymynyñ bolmaz hiç çägi, Heselli miwelen bark urýan çagy, Ýigrimi ýaşdaky güllere gurban. İlki ilkiler-ã "çaga" diýdiler, İne-de bir günem "aga" diýdiler, "Kakadan"soñ "ata" "baba" diýdiler, Şol dillerden damýan ballara gurban. Parhy bolmaz garry bolsun, ýaş bolsun, Ýa uly, ýa kiçi, deňi duş bolsun, Köplere diýdiler uzak ýaş bolsun, Söýgüli-senaly dillere gurban. --Entek-entek juwan ýaly joş-diýip, --Ýüz ýaşada-da ýadatmasyn iş-diýip, --Gutly bolsun agam altmyş ýaş-diýip Elimi berk gysan ellere gurban. Ýagşyny ýamany oňat seljerýän, Her demde halyña hemaýat berýän, Ata-ene bolup kükregin gerýän Apy-arkadagym illere gurban. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
