21:53 Zelili | |
|
Jeýhun gol uzadyp Bahry-Hazara, Senden alýar güýç-gaýraty, Zelili. Sözleriñ öwrülip göwhere-zere, Ýitirmändir görk-gymmaty, Zelili. Alkyşlaryñ bilen beýgelen daglar, Şygyrlaryñ bilen eýlenen çaglar, Gül-pürçek gujagna düşen meýdanlar, Gördi senden kän hormaty, Zelili. Gözleriñ düşüpdir nurly zamana, Gara öý - gün görmedik dek hamana, Ejir berip gelen her musulmana, Parçalapsyñ bar zulmaty, Zelili. Ýigitleriñ iş kylanda pert bolup, Ýow-ýagyñ dahana düşdi gurt bolup, Gözelleñ söz berdi misli mert bolup, Saklamaga salykaty, Zelili. Gyzlaryñ geýipdir elwan-alyny, Üýşürip saçagna nygmat baryny, Hersine "Kaksyn - diýp - ýürek taryny - Beripsiñ sen sahawaty, Zelili. Görseñ tanamarsyñ Türkmenistany, Ne gyşy galypdyr, ne-de borany, Häzir Diýar şöhrat DIÝARY, şany - Dilden düşmez delalaty, Zelili. Azat dillerinde ýürek galkynar, Il-günüñ ýaşaýar meñzäp ýalkyma, Dolandy döwranlar dogan halkyña, Gel, görmäge adalaty, Zelili. Fahreddin ALYÝEW, azerbaýjan şahyry. Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
