08:29 Zemin uste... | |
Zemin uste gurup umyt çadyryn, Ýadaw göwräm bilen tutup bir burçun, Gygyrýan "jemagat menem bardyryn", Nazarlar bakmaýar, Dişleýän hyrçym. Geçip dur her bende öz ugry bilen, Togap edip ýere her gün bäş ret. Her bir ädiminden alyşyp beleň, Bir-birniň daşyna oraýar kelep. Biri büdüreýär, Ýykylýar nalaç, Hemaýat tamasy görünýär gözde. Oňa sähel tekge bermek uly güýç, Emma söýget bolmaz özüňden özge. Umytly nazarlaň üýtgedip perzin, Ýene gaýdyp geler özüňe sary. Ahyry özüňden tapyp bilersiň Kalbyňa teselli berjek karary. Şyhymyrat Abdyllaýew | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
