09:48 Zenan | |
Zenan diýmek - eneňdir, Ýary gije ýatandyr, Daň saz berse dogandyr, Aňzaklarda doňandyr, Hor - zar etmejek bolup, Gije - gündiz eňendir, Sebäbi, ol eneňdir. Zenan diýmek - uýaňdyr, Ýúzúň nury, tuwagy, Utanjaňdyr, haýaňdyr, Ýagşy günde begenjiň, Kyn günüňde söýäňdir, Saňa geljek belanyň, Öňüňdäki gaýaňdyr, Sebäbi, ol uýaňdyr. Zenan diýmek - ýaryňdyr, Ömürlik ýanýoldaşyň, Baýlygyňdyr, baryňdyr, Alawlaýan ojagyň, Namysyňdyr, aryňdyr, Keşgiňi deň çekişýän, Ýakyn howandaryňdyr, Sebäbi, ol ýaryňdyr. Zenan diýmek - gyzyňdyr, Teşne kalbyň gandyrjak, Aýdymyňdyr, sazyňdyr, Ömre şatlyk getirjek, Gül - gunçaly ýazyňdyr, Ogul bilen deň durjak, Dowamyňdyr, yzyňdyr, Sebäbi, ol gyzyňdyr. Zenan diýmek - dünýedir, Adamzada dowamdyr, Gelip - gidýän demiňdir, Sorup alýan howaňdyr, Zenan başy dik bolsa, Ýaşaýşa gúwäňdir. Ondan gymmat zat bolmaz, Tumaryňdyr, dogaňdyr. Çünki zenan - ýaryňdyr. Çünki zenan - gyzyňdyr. Çünki zenan - uýaňdyr. Çünki zenan - ENEŇDIR. Gurt NÄZLIÝEW. | |
|
| |
