15:14 Zenan wepadarlygy | |
Bilmez duşman dok döwlete tokunyp Duşman sürnüp bilmez berkarar ýurda Her bir gerçek aýy kimin topulyp Gürzi urup, ok urup Döner aç gurda! Yüz müň duşman gelsin! Bermez mesgenin Her bir oguz barabardyr arslana! .... Ýöne bäş ýeňles gyz, alty mes gelin Başdan aylap haýa, şerin, messebin, Namysyn oklasa, ayak astyna - Duşman bilen döwdüleşyän goçlary Bir demde öwürer diri maslyga Göndere baş bermez gayduwsyz ärler, Gürzüden gaytmayan arslanlar, şirler, Dag ýaly goduklap, Ýer kimin iňläp, Bagryn ýere oýkap-oýkap jan biýrler Haramlyk, azgynlyk ýol salsa ýurda Ol diyardan rysgal-döwlet göterler. Bereket göterler, Ynsap göterler, Haramy ordasy jem bolsa nirde - Asman çydap bilmez, Zemin götermez! Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr! Tuglar synsa... Ýygyn döner sülsada. Diriler – jesetdir, Öliň ruhudyr! Ne ölüp bor, Ne ýaşap bor dünyäde. Beyle ile dert yzyna dert geler, Mergi geler, Geler garahassalyk. Duşman gelmez! Aşna gelin – gyzyňa Iblis geler, Melgun geler at salyp. Gyz – gelinler ar-namysyň tugudyr! Tuglar synsa... Meylis gurup haramy, Päk iliň ýüzüne çeker garany. Tuglar synsa... Şeytan kakyp heşelle, Melgun meýlisini gurar bu jayda. Perişdeler bakmaz şerimsiz yere, Namys-arsyz yurda Bakmaz Hudaý-da! Ok ötmez, tyg ötmez goç-goç ýigitler Hyrçyn dişläp için tutup ölerler, Ar-namysdan lüýge batyp ölerler. Ärler öler – Ýere berip bagryny! Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr! Galdyryp-da biler iliň bagtyny Ýatyryp-da biler iliň bagtyny! Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr! Öwüriň olary mukaddeslige! Oguzlara gelen döwri-döwrany Ýykdyraymaň Azgynlyga, Meslige! Peslige! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
