16:34 Aýdym | |
AÝDYM
Aýdymlar, aýdymlar, Nije ýyl bäri Diñläp owazyñdan ganyp bilmedim. Yşkyñda sermest men, diwana-däli, Ýandym, alawladym, Sönüp bilmedim. Ala-ýaza besläp çöken göwüni Şat günüñde al-asmana atarýar. Bagşylar joş alsa, goýman kemini Janly-jandar diñläp, dañyn atyrýar. Aýdym, Beýik lukman, Bilýär agyr dertleri-de bejerip. Gyzamyk çykanda jigilerine, Ejem çaldyrardy, Gazma dutarumy elime berip. Düşünseñ, şat guşlaryñ-da owazy Kalba siñip gidýän üýtgeşik aýdym. Biz aýra salyp bilmez hiç gudrat, Çagalykdan aşyk, gursagma guýdum. Aýdym syrdaş, Ýürekdeş, Ol bir ýegre dostum ahbetin! Birden: "Aýra düş!" diýseler, Ony göz öñüne getirmek, Akyla sygdyrmak çetin... ▶BAGT Men ýazyp otyrkam, körpeje agtyk, Gelýär-de, galamy alýar elimden. Garasar sürüsi dek uçýar pikirler, Kesilýär goşgynyñ şapba bilinden. Bolsa-bolmasa-da gözjagazlarna Ýylgyrypjyk äýnegimi dakynýar. Señ eliñe kakyp bolmaz hiç haçan, Körpe bala, näme etseñ, hakyñ bar. Körpejäniñ eden oýunjyklarna Kalbymdaky şatlyk juda güredi. Ol gitdi, pikirler geldiler gaýdyp, Şeýdip, gaýta iki goşgy döredi. Amanmyrat MAÝEW. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |