13:03 Bagyşla, ýürek! | |
BAGYŞLA, ÝÜREK!
Bagyşla, sen meni, Bagyşla, ýürek. Men gezip bilmedim seni aglatman. Gylyç syryp goragyňa çyksamam, Ýok, alyp bilmedim ýalna daglatman. Söýdüm, ýürek, Söýdüm, däliräp söýdüm. Sowuklyk tapmadym, tapmadym seriňe Dalaş gurdum gara gijeler bilen, Çydamanlar çykdym iňňillileriňe. Söýdüm ýürek, Söýdüm, dälliräp söýdüm, Geçdim, gitdim bilýän säginmelerden. Gyzygy nedir muň, yňdarlap gitse, Ötýän eken adam çykan bilmeden. Söýdüm, ýürek, Söýdüm, däliräp söýdüm, Bir närse ýigidiň çekdirdi perýat. Gaşladym dünýäniň bolan gyzygyn, Gözlerime inmedi ondan başga zat. Gözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |