07:39 Dostluk | |
Berdimyrat Bäşimow
DOSTLUK Çöllerde azaşyp ykbal kerwenim, Umytlarym syrgyn çägä gömüldi. Köşeşdirip kemsidilen duýgulam, Kerwenbaşym bolup, dostlam göründi. Örtenen kalbymyň yzasy artyp, Bagtym ýüz döndürip, yza süründi, Ýekelik tanapyn diş bilen kertip, Penakärim bolup, dostlam göründi. Sergezdan deý, gezdim pany dünýäni, Mähir yzlap mähirsizleň gözünden, Gözýaşlarym gynaýarka didämi, Dostlam gelip, syrdy ýaşym ýüzümden. Ynsandan öwüsýän sowuk şemallar Arzuw-umyt şemlerimi öçürdi. Dostlam halas edip olaň deminden, Meni täzeçe bir dünýä göçürdi... Herne, durmuş şarpygyny dadamda, Ýalňyzlyk hakynda etmedim pikir. Merdem bolup goltgy berdi çyn dostlam, Dostluk ölmän eken, Hudaýa şükür! | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |