07:25 Dostuma | |
DOSTUMA
Ykballara ýanaly biz, Derdi gizläp geçirere ömür çäkli. Şonuň üçin, Otur, dostum, içeli-le. Gel, meý bilen ýuwudaly Kalba agram berýän gamy. Dünýäň irmän ýepbekleýşin, Ýekirişin seni, meni Unudaly biraz salym. Serhoşlar deý göçeli-le. Goý, ýazylsyn damarlarmyz, Birazajyk içeli-le. Ogurladan düýnlermiziň Ahmyryny ýetireli. Iň bolmanda, öz-özümiz Göwnümizi götereli. Ýazmakdanam irdik indi, Setirlere "gep gatnadyp". Gussa çekip ertir-agşam, Dyrnak ýaly nep tapmadyk. Bagrygirýan duýgularyň Kirişlerin gowşadaly. Şonuň üçin, otur, dostum, Gursaklary gowzadaly. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |