14:00 "Gelin jan..." | |
“GELIN JAN...”
Arasyna tow düşdi, Ogul bilen atanyň. Täze gelen gelin jan, Başy boldy hatanyň. “Gelin – döwletiň başy”, Diýseler-de köneler. Boldy jenjeliň başy, Artdy sene-meneler. Gep gezdi ikarada, Gäbi azdy oglanyň. Kalby doly hasratdan, Gözi ýaşly dogranyň. Uçup gitdi hezillik, Gelin öýüň soltany. Gitdi öýden bereket, Nist öňki desterhany. Dat gününe baldyzyň, Gargyş ýagdy gaýyna. Gaýyn ata zar boldy, Özi salan jaýyna. “Eşitmişiň däldir-ä?” Diýdi birisi garap. Diýdim: - Bu seniň goňşyň, Ýet, öýüň haly harap! Haýran galyp oturma, Bu seniňem öýüňde. Arzuwlarym paşmady, Şohly gelin toýunda... 12.03.2024. | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |