13:51 Küýseg | |
KÜÝSEG
Bilýän, Seniň meni göresiň geler, Takat tapman gyz kalbyňa, janyňa. Söýgä teşne bolup, Gelesiň geler Meniň ýanyma. Islärsiň-de Bir süýji söz aýdarym, Bagry girýan Dolarsyň sen gujagma. Towlanarsyň, Diňläp söýgi aýdymyn, Erksiz ellem inçe biliň guçanda. Bilýän, Seniň meni göresiň geler, Unudyp ýyllaryň dagy-hijranyn. Kalbyňy ýanlyk deý seresiň geler, Huzurynda şol garypja hüjrämiň. Ýalbararsyň: «Goşgy okap bersene, Iň bolmanda birje bent bir aýdaý-da! Indi bildim, Giç düşündim, Görsene, Gudrat bar ekeni yşky aýdymda...» Başyň goýup gursagyma, döşüme, Eljiräp hem aýnap, Gülesiň geler. Bir pursat dolanyp juwan ýaşyňa, Seň meni şeýlebir göresiň geler. Bäşim ATAÝEW. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |