13:36 Gowusy, goýaly!.. | |
GOWUSY, GOÝALY!..
...Gowusy, goýaly! Mert bolmak gerek... Ýürek täze derde uýgun bor, bilýän. Düşünmesi çetin göwün bar mende — Köpräk aglaýan, azrak gülýän. Günleň aýdymlary täzelenipdir, Sazyna tans edip bilmen (dag arman!). Indi gijelerden gam ysy gelip, Daňlar atyberýär süýt deý agarman. Aýyň gözelligi, gör, hanjak gitdi!.. Ýyldyzlar endigan petreşýäler, Olar ýerli-ýerden çola köňlüme Bir ýerlerden gussa getirişýäler. Yşkyň patasyny bireýýäm aldyk, Muny aýtmamda-da bilibem dursuň. ...Gowusy, goýaly! Ýok, "Söýýän" diýme! Ömrümi büdreden şol söýgi gu:rsun! 06.10.2018ý. 23:25 Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |