07:28 Hüýrsypat gyza | |
HÜÝRSYPAT GYZA
Gözleň çydamymy synaga salýar, Sözleň gülle bolup ötýär içimden. Saňa duşup, haýallady hyýallam, Saňa duşup, galdym wagtyň göçünden. Ömrüme gülgüne öwüşgin çaýdyň, Özüme özümi garşy goýduň sen. Ýylan ýaly sypyrdym-da geýimim, Egnime aşyklyk donun geýdim men. Meýletin şa kyldym göwün tagtyma, Dünýäni, dünýämi saňa berdim men. Ýazdym. Ýene ýazdym — ýazma:n bilmedim Jigerimi talan gözleň derdinden. Ýylgyrsaň, ýygrylýar diýjek sözlerim, Ýygrylsaň, ýüregim gyzyp ugraýar. Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy görmekden Hergiz mahrum etmäwersin Biribar. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |