16:47 Köýen arzuw | |
KÖÝEN ARZUW
Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym, Geçip gitdi, hyýal bolup deñimden. Kyrk ýaşy sermeläp, ýörse-de ýaşym, Arzuwlar çykanok, şindem serimden. Ýüregimde besläp, talyp bolmagy, Arzuwlarym bardy, beýikden-beýik. Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri, Köýen arzuwlarym, tutanok seýik. Geçdi ýaşlyk ýyllam, dalaşgärlikde, Her ýyl uniwersitet, gapysyn kakyp. Nesibesiz gursagymy kötekläp, Dolandym yzyma gözýaşym döküp. Žurnalist bolmakdy, maksadym meniñ, Ýöne, täleý ýazylypdyr başgaça. Tersine öwrülen, täleýim bilen, Tikin-tikip, ekleýärin maşgala. Ýazyp-ýazyp şygyrlaryñ ýagşysyn, Meñ arzuwym, ynsan kalbyn bezemek. Emma, munda meñ bijäme düşüpdir, Köýnek tikip, ynsan üstün düzemek. | |
|
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |