00:31 Meni oýar | |
MENI OÝAR
Aşyk-magşuk bir-birege, Sarpa saklar, gadyr goýar. Ýakymy jaýdar ýürege, Göz gürleşer, göwün doýar. Kyn mysala seniň özüň, Anyк görsem aýdyň ýüzüň, Bakyşy bar gara gözüň, Kalbym sende mähir duýar. Aramyzda çynmy-ýalan, Ýokdur hiç zat, ýatda galan?! Tükeniksiz ünji bolan, Tap-kuwwatym şoňa uýar. Akyl almaz ýaşymmy bu, Tagaşyksyz işimmi bu? Huşdur öýden düýşümmi bu, Sen yralap meni oýar. Inçe bili dolap alyp, Hyjuw odun ýola salyp, Ýere eňip, göge galyp, Göwün guşum seni söýer. Awum aňtap busa bilsem, Tutup bagra basa bilsem, Huşdan gidip «esse» gelsem, Mährim ganmaz, «Ýene» diýer. Bak, gözüme gör, intizar, Tapdan düşdüm, çekip azar, Illi aýdar, aglap zar-zar, Yhlas etdim bary köýer. | |
|
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |