13:22 Mundan artyk başaramok... | |
MUNDAN ARTYK BAŞARAMOK...
Mundan artyk başaramok, Haýyş, indi igeleme! Goý, ýalňyşdym hasap edäý, Duşdum diýip bigeleňe. Bolmaz indi artyk zarym, Ýykmaryn gyz göwüniňi. Düşün, ertirleriň üçin Pida edýän şu günümi. Bir-birekden uzaklara Öňde-soňda gitmeli biz. Ýa-ha bile bagtsyz bolup, Ýa aýrylyp, bir-biregi Bagtly ynsan etmeli biz. Durmuş sabrymyz synady, (Agyr... Juda agyr ykbal.) Belki, bir gün göz ýeti:rsiň, Söýgi hem däldir bu, ahmal... Ýazgydymyz ýazylandyr, Özgede, özge bir ýerde. Bagyşla, gyz! Bolup galdym Bir gaýratsyz, näletkerde... 2015 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |