07:43 Obam | |
OBAM
Ýaşlygymyñ iñ şowhunly günleri, Eziz obam señ goýnuñda geçipdir. Obam bir mahalky saýrak guşlaryn, Ýetişdirip, çar tarapa seçipdir. Señ goýnuñda gelip bu gün kemala, Uzaklara uçup giden guş menem. Aýlansam älemi, ýeriñ ýüzüni, Senden eziz hiç bir ýere duşmanam. Çünki geçdi sende, çagalyk ýyllam, Göýä,bu ömrümiñ pasly bahary. Sülmüräp näz edip, uly gyz çykyp, Sende garşyladym, ençe säheri. Şoñ üçin kämahal gelýän obama, Geçen günlerimiñ ýumagyn çözläp. Gamsyz çagalygmy, ajap ýaşlygmy, Näçe küýsesem-de, tapamok gözläp. Tapmasam hem eziz maña bu ýerler, Şol günleri mydam ýada salyp dur. Jandan söýüp, ezizlänim jan obam, Señ waspyñ etmäge gyzyñ gelipdir. Eziz obam geldim, garşyla meni, Señ mähriñden ine-gana ganaýyn. Hemem bir pursatjyk dolanyp yza, Geçen ýaşlygymy ýada salaýyn. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |