13:38 Ruhdaşyma | |
RUHDAŞYMA
Dördi kem otuz ýyl "görüşmedik" biz, (Göwün görmedignem küýseýär aşa.) Haýp geçdi ýaşlygym — iň oňat ýyllam, Haýran, bilipdirin şunça ýyl ýaşap... Görmedik gözlerim janymy alýar, Eşdilmedik sesiň maňa "allan"-dyr. Ruhum güllän bolsa ýekeje ýerde, Bir ýerlerde saňa duşup gülländir... Hatyň ýok. Habar ýok — Höwes ýok. Dynç ýok Ejiriň dürlüsin gören ýürekde. (Heýhat, ruhum, indi nämä örtenýäň?! Geziber howaýy göwün ýüwürt-de!) Ýetdik paýym — ömrüm gury ýaşalar, Sataşmasam saňa ýyllaň birinde. Gowulyga ýorgun, gama batmagyn Bir perişan düýşleriňe giremde... 04.11.2018 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |