23:23 Sensiz ömür süreninden... | |
Didarberdi ALLABERDIÝEW
▶ SENSIZ ÖMÜR SÜRENINDEN... Yşkyñda diwana men, gulak goýgun, dilberim, Aşyklaryñ owaly magşuk dilde senasy! Jadylady jemalyñ, öz elimde erkim ýok, Senden gaýry hiç kime ýetmez ýürek sedasy! Syrym illere aýan, ýer galmady pynhana, Hoş hyýala beslenip, gaýypdan boldum asy! Ýazykly men ýanyñda, dilim gysga, ýüz gara, Dogrusyny sözläniñ ýeñlärmişin günäsi! Göwne güman getirme, hakdyr seni söýenim, Keramat bar yşkymda, Kelam sözüñ güwäsi! Adyñ dilimde doga, umydym bar wysala, Dergähinden dileýän, Hakdyr hemmäñ penasy! Çeken jebri Mejnunyñ müñden biri derdimiñ, Yşk mülkümi talapsyñ, weýran köñül galasy! Senaly sermeslikde saýyly saýýadyñdyr, Sensiz ömür sürenden, ýegdir Mansur belasy! | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |