21:01 Ýürekler köşeşip... | |
Ýürekler köşeşip
Ýürekler köşeşip, goýalşar aklyň, Saýgarar gidersiň agy-garany. Kim bolsaňam ile jar bolar aslyň, Oglanlyk gol bulap açar arany. Säwlikleriň üçin, Hatalaň üçin Hem köýen arzuwlaň hakynda oýlap, Bir minutlyk ýalňyş eden bolsaň düýn, Bu gün ökünersiň hepdeläp, aýlap… Sypynyp günleriň hysyrdysyndan, Obaňa ylgarsyň, sorarsyň ahwal. Henizem çagalyk daş däldir senden, Ýagdyrarsyň sowal üstüne sowal. - Sag-salamat gezip ýörmüsiň, eje, Bu nä sus görünýäň, Ýüzleriň asyk, Öňler eýläk-beýläk çykaýmaň bardy, Näme beýle köp oturýaň goş basyp? Hysyrdap ýörmäň bardy baryndan, Hany meň şu ýylky gawun, kak paýym? Şähere gideli, Garran çagyňda Başymyza jyga edip saklaýyn. Öňki görşüň ýaly gatbar-gat jaý däl, Täze howlymyz bar salkyn saýaly. Agtyklaryň bilen ýumşak maşynda Gezim edersiň, Günümiz bar şa ýaly, Agtyklaň getirer nahar-çaýyňy. Olar sargyt edip galdylar kän-kän, Hemme zatdan goýupdyrlar paýyňy, Hany maňa jogap ber-dä mähriban… Emma ejeň ýokdur jogap berere, Şonda garap görseň çykyp bir çete, Bu uly dünýäniň ortarasynda Öz hesretiň bilen duransyň ýeke. Dostlar kän bolsa-da dadyňa ýetjek Ýene iň soňunda özüňsiň çekjek. (1977) Halyl KULYÝEW | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |