13:35 Aýalsyzyñ ariýasy | |
"Hudaýym aýalsyzlygy, Görkezmesin musulmana". Magtymguly. Zenan hyryn-dykyn ýerde, Seredeňde saga, çepe. Ýöne öz ýaryň bolmasa, Ýekesiň sen, ýalňyz-ýeke. Gelniň edende öý işin, Oglyň minneti bar ýaly. Gyzyň edende biş-düşiň, Gudalaň gepi bar ýaly. Nebereleň bilen ýaşan, Giň jaýyň indi dar ýaly. Çaý-naharyň goýulsa-da, Kir-kimiriň ýuwulsa-da, Sylag-hormat duýulsa-da, Öz aýalyňka taý däldir. Göwünjeň edilen hyzmat, Asla göwnüňe jaý däldir. Arzym, Älem Eyesine: Oýarawer, her merdemiň, Ýarynyň ýakyn sesine! Hak söz bi: - aýalsyzlygy, Görkezmesin bendesine. 2024 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
