07:02 Açgözüñ aýdymy | |
|
Bu gün wezipäm bar, Jübimde pulum. Tanamok men dolanany, dogany. Özgelere ölüm bolsun parhy ýok, Maňa diňe özüm bolsa bolany. Öýümi öwürdim giden jennete, Otuz ikim sap gyzyldan saldyrdym. Ululara ýaranmagy başarýan Eýdip-beýdip men özümi aldyrdym. Bäş barmagyň bäşisi bir deňmişmi, Ýük çekmäge döredilen ýük çeker. Az çek diýseň az çeker. Köp çek diýseň köp çeker. Baýlyk bilen meniň serim dumanly, Baýlyk üçin geçipdirler zürýatdan. Kimem bolsa ýalňyşmandyr zalywat, Çünki baýlyk belent ahyr bar zatdan. Meniň üçin öküz ölse aýby ýok, Et köpräk bolsa maňa bolany. Sygyrlaryň gysyrlary gowudyr, Dannawum ýok, Bolsa bolsun bogazy. Gassaba ýag gaýgy, “Geçä bolsa jan”. Bu söz könelerden galan nakyldyr, Muňa düşünmeýän adam akmakdyr, Muňa düşünýänler örän akyldyr. Özgelere näme bolsa, şol bolsun, Başgaň derdi pikir edip ýörülmez. Maňa diňe şöhrat gerek, pul gerek, Dünýäň başga zady göze görünmez. 15.01.1979 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 13 | ||||||||
| ||||||||
