19:13 Şagal we itler | |
|
Itler topuldylar ogry şagala, Olar münipdiler uly gazaba. Şagal hem gaçýardy jeňňele bakan, Gaçmaklykda onuň beýnisi bekän. Çöpden- çöpe urup, berýärdi zory, Yzy, töweregi itlerden doly. Teý ahyr atdy ol özün jeňňele, Itler turuzýardy ala zenzele. Ýetdim- ýetdim etdi hem alarlady, Asla itler ondan galarly däldi. Ahyr ogry şagal mekirlik etdi, Itleri maslygyň üstünden eltdi. Bir- birin gysganşyp gyrlaşdy itler, Gazaba mündüler, gyrlyşdy itler. Şeýle bir uruşdy, dalaşdy olar, Al ganyn sarkdyryp, dagaşdy olar. Şagal bolsa ýatyr çöpe sümülip, Şol hälki maslygyň süňkün gemirip. 17.01.1978 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
