00:00 Ädimme-ädim | |
|
Bize mundan başga ýana göçme ýok, Ýaşamaly göreş edip çöl bile. Atamyz, babamyz ötdi şu ýerde, Hemra bolup gyzgyn epgek-ýellere. Epgek bilen bir otagda ýaşaýas, Epgegiñ goýnunda ekin ekýäris. Göçüp-gonup ýören ürpek gumlar dek, Göçüp-gonup malymyzy bakýarys. Çagalarmyz çäge bilen oýnaýar, Gül ekip, gök baga çykýarlar seýle. Bizem şeýdip "ösdürýärdik" bag-bakja, Bizden öñkülerem edipdi şeýle. Bu gün şo hyýalda güllän ýerlermiz Kanal suwun içip läle geýýärler. Has añyrda bolaa gumly çagalar: "Ýörüñ, kanal oýnalyñ-la" diýýärler. Şeýdip nesillere geçer bu arzuw, Şeýdip çöli ýeñeris ädimme-ädim. Kyn bolsa-da biz şu ýerde ýaşaýas, Bilýän ýok azapsyz topragyñ adyn. 1974 ý. Nury BAÝRAMOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
