10:14 Bir tanşymyñ buşlaýan zady hakda | |
|
Bir tanşym bar, Her gün säher til edýär, Ilki saglygymy soraýar irmän, Soñra bolsa agy goşýar sesine: "Eşitdiñmi?.. Eşden dälsiñ, wah, arman..." Ýetişýär kalbyma uly howsala, Meniñ ol tanşyma geregem şol-da! Diýýär: "Ýüreginden tutupdyr onuñ, Ýogsa, öler ýalam däldi ol walla..." Sagat ikide ýa üçde jaýlanjak, Barawergin! Birigünem üçüdir..." Günde bolmasa-da, Günaşa şeýle, Şu hasratym onbäş ýylyñ içidir! Şum habary til edende ilkiler, Dogrudan ol gynanýandyr öýderdim. Toý hiç, Ýasa barmak meniñem borjum, Diýip, oña sag bolsunam aýdardym. Bir gün däl, on gün däl, Bir ýyl däl, indi Şol tanşym til etse, tutulýar dilim. Birjigem ol gynananok ölüme, Ölüm bilen gorkuzýar, zalym! Ýeri, şonsuzam-a gam-gussa ýetik, Şonsuzam-a gyzygy az dünýäniñ. Indi zeýrenmäýin, Ýene şol zalym Ir bilen til eder bilse ýanýanym... Nury BAÝRAMOW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
