15:11 Aglama, eje jan | |
|
Aýhan Hajyýewiň kartinasyny synlap... Aglama, eje jan, aglamasana, Hat geldigi öldügi däl kakamyň. Aglama, eje jan, aglamasana, Baky diri ogludyr ol halkymyň. Aglama, eje jan, jigilem ýatyr, Aglasaň agyňa bimaza bolar, Kakamyzyň ölendigin, goý, ertir Bilsin, ýöne bu gün bilmesin olar. “Ýok-la” diýip, daşymyzyň galasy, Şu mahal bir, eje, baglama matam. Nägehany, başymyzyň belasyn Kül-peýekun eden kakam-a – kakam. Aglama, eje jan, kakasyz öýde “Ogluň ýetim” diýip, gyýa bakmazlar. “Ýa kakasyz” diýip, gyzyňa toýda Altyn ýerne mis ýüzügi dakmazlar. Ýok kakam bar bolup, goraglar seni, Menem goraglaryn goç ogul bolup. Nirde bolsam gerin soraglap seni, Giňden ýazylaryn saçagyň bolup. Aglama, eje jan, aglanyň bilen Ölenler dirilip gelýärmi näme? ...Watana ýürekden berilip ölen Gerçege aglaman bolýarmy näme? 1984 | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
