16:04 "Ajal alyp barýar adam jesedin..." | |
Ajal alyp barýar adam jesedin, Adam galýar adamlaryň aňynda. Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň, Halk atly şu dowamatyň barynda. Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de, Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar. Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden, Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar. Ajal kesgitlänok ömrüň çägini, Akyl berip ýaşap ýö:r-ä Eflatun. Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň, Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň. Halk atly dowamat şeýle adalat, Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýö:r öteni. Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok, Ýagşylyk edýär-de unudýar seni. Baýram AKATOW | |
|
| |
