16:55 "Ýagyş ýagýar..." | |
|
Ýagyş ýagýar, ýuwýar meniň dünýämi, Aýdyň ahyr, bu bir gözellik dälmi? Honha, ezilmekden gaçýan bir gözel, Çepegne çolaşdy, ýykyldy taýyp. Dynman çürküldeşýän gözel serçeler, Nirädir bir ýere uçdular gaýyp. Ýagyş ýagýar, ýuwýar seniň dünýäňi, Dünýä suwda ýüzýär misli bir gämi. Ýaşyl-a ýap-ýaşyl, gyzyl gyp-gyzyl, Ýagyş bu dünýäniň açdy reňkini. Köpi gören goja dünýäme hezil, O-da bu gün ýuwýar goja süňküni. Ýagyş ýagýar, ýuwýar onuň dünýäsin, Ýagyş ýagýar, dünýä bolýar has täsin. Ondan-a çagalaň şatlygna goşul, Biwagt ýagýaň diýip gargama kempir! Çaň-tozandan ýuwlan arassa dünýä, Ynansaň, jennetiň burçuna deňdir. Ýagyş ýagdy. Täsin dünýäni görüp, ýürekler göwreden daşa tygsady. Wah, Taňrym, şeýle bir gudrat iberip, Meň kalbymyň gussasynam ýuwsady. Baýram AKATOW | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
