04:02 Alysdaky oýlanma | |
|
Alasarmyk pikirlere çolaşyp gidip baryan ýat iileriñ ýolundan. Sensiz galan ykbalymdan sowaşyp bu dünýeden ýok bolmakdy pälim meñ. Heññam agyrlygy duÿman aÿlanÿa ýol-ýodalar bir - birinden saýlanýa. Sen bolmasañ saklap bolmaz ýolundan Umydyn ýitiren köñül saýlansa. Umytsyz asdym men alys yollary ganatym gyrylgy, göwnüm ýaraly. Meni ýene dereklige çagyrýa oraşan düýşlerim başy saralgy. Ýaşlygymy ýazlara peşgeş etdim, öÿmäm sähra siñen ýaly hamala. diñle sesin "Seni söýýän" diýýändir Peşgeş berdim bu jümlämi şemala. Çünki, saña yşkym götärden agyr hem ýere goýardan juda ary ol. Seniñ ücin ýarym ömrüm ýitirdim. diýseñ-de "Gel, ykbalymyñ ýary bol!" Umytsyz ojakda ojar ÿanarmy Göwnümiñ çyragy söndi ömürlik. Seni söýýän diýen pyşyrdymy meñ Kimse saña aýtmaz indi öwürlip. Herhalda niýeti gowy türkmenim Gut bolsun diýýändir janym gorkanyñ. Men bir zady bilýä bu ykbal entäk Saña mensizligiñ jebrin görkezer. Şonda... ah-hh, sen şonda neneñ ederkäñ Seni dözmän barýan çekjek jebriñe. Bu jebri bir ömür gerdende çekip, ykbalymy kül etdim ýar çünki men. Zöhre ÖWEZOWA. Stambul, 2022 ý. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
