20:26 Alyslarda galan ýar... | |
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa, Seni ýeke goýmarn – diýen sözüň bar Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel, Alyslardan alyslarda galan ýar. Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel, Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel, Gaýalardan gaýalara aşda gel, Goja daglaň aňyrsynda galan ýar. Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň, Her gün saňa garaşaryn intizar. Gün doganda, gün içinden çyk-da gel, Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar. Men henizem öňkim ýaly bisabyr, Ýürek şindem öňküsi dek bikarar. Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel, Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar. Halyl KULYÝEW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
