17:35 Arheolog | |
|
Mydam geçmiş boldy onuñ gözlegi, Ol geçmişi ýer teýinden gözledi. Gazyp-agtaryşlar gitmedi yrýa, Ýykyk şäher gadymýetden sözledi: ...Gündogaryñ jadylaýjy sazyna Serhoş bolup tagtda irkilýär soltan. Hüýr-melekler kebelek deý pyrlanýar, Ortada asmana pürkülýär fontan. Köşgüñ aşagynda titreýär zyndan, Bendileriñ ahy-nalalaryndan. Olar mahrum bolan balalaryndan, Olar jyda düşen lälelerinden... Lowurdaýar tylla köşgüñ gümmezi Kerwen gelýär, jañ sesini seçeläp. Süýtsüz göwse başyn goýup çagalar Aglaýarlar ellerinde ejeleñ. Şäheriñ içinde eñreýär durmuş, Boş torbany miras goýup gedaýa. Naýynjar ýañlanýar azançyñ sesi, Öz gününe alkyş okap Hudaýa. Arheolog... işledikçe der basdy, Çydamady ahyn diñläp geçmişiñ Gazýan çukuryndan ol böküp çykdy, Aşagynda galan ýaly etmişiñ... Ýöne ondan ahy-nala galmady Ony kowalady beýewan çölde. Hüýt gara çukurlar oýulan göz deý... Hany sen olardan gutuljak bol-da?! Arheolog barha düşüp howsala, Hüýt gara "gözleri" başlady düzläp. Soñam bu dünýede ýalñyz galan deý, Uç-gyraksyz sähra çykdy ol düwläp... Ýazjuma AGAGELDIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
