11:13 Arheologyñ jogaby | |
|
Gadymýeti - Ata-babalañ ruhun Birahat etmäge hukukly kişi, Hut gören deý belli tupanun Nuhuñ, Paý-pyýada aýlanan deý geçmişi Derwüş sypat arheolog bir gezek Diýdi: "Gazyp gördüm men daş asyryn, Demir, bürünç asyrynam gazdym men, Ýatyr eken köp syrlary basyryp..." "Biziñ asyrymyz nähili asyr?" Diýip sowal berdim, Oýlanyp uzak oturansoñ diýdi: "Gybat asyry..." * * * Guşkelle çagalar köpelip barýar, Goşup bilenoklar ikini-ikä. Diýdirýärler: "Bulañ başlaryndaky Zeýkeş balygynyñ beýnisimikä?" Adamdan maýmyna öwrülip barýar Gözmüziñ alnynda ogul-gyzymyz. (Esassyz howpurgap ýören bolmaýyn?) Eý Tañrym, Şularmy biziñ yzymyz... Hemra ŞIROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
