04:52 Aýyrma | |
|
Ykbal, ýazym, tomsum ötdi, Ýöne güýzden aýyrma sen. Indi gyşa nobat ýetdi, Garly düzden aýyrma sen. Şindem güldür ýapragym bar, Bereketli topragym bar, Dyňzap duran kükregim bar, Aýdym-sazdan aýyrma sen. Gülüp, bagrym kebap kylan, Dertli günüm tebip bolan, Müň aýdyma sebäp beren Gara gözden aýyrma sen. Buýsanç bile gezer ýaly, Dosta ganat gerer ýaly, Joşup, nagma düzer ýaly, Şirin sözden aýyrma sen. Ýürek berip, şu giň düze Tohum sepdim ellem bile, Joşdur, gaýrat bersin bize, Hoş owazdan aýyrma sen. Haýry oňlap, şeri geňläp, Seret, barýan ýoly soňlap. Ýüzläp-ýüzläp, müňläp-müňläp Tanyş ýüzden aýyrma sen. Ýok, durmuşdan doýma, ykbal, Ömri ýolda goýma, ykbal, Gör, gerdende agyr ýük bar... Ilden-günden aýyrma sen. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
