23:20 Palestinaly şahyr Muin Bsisuwyñ ýadygärligine | |
Hemmeler bir Enäň – Watan perzendi, Eneler balasyn tutmaýar ala. Baryna deň garýar Deň görýär baryn, Baryn birden bagra basýar hamala. Herhal şahyr ogly gelende dünýä, Ýygyp goýmasa-da ter gül dessesin, Giden wagty üýtgeşik oň örtenşi... Aýdar-diýer, ýaly däl oň gussasyn... Şol gussany eşidip, Kalba ot düşýär, Öz derdi hem, oňa ýeterlik bilseň. Sen baka gitmäňem üstüne boldy, Zada eli deger ýaly däl ýogsam. Senem aýdym bolup aýlanýaň ýurda, Göreşe çagyryp halky her ýerde. Her bir sözüň derman bolup ýaňlanýar Müň derde. Ýandyrlan obalaň dirilip bu gün, Galkynyp tirsegne tozdurlan diýar, Seni aýdym edip göreşe çykýar, Her palestinalyň kalbynda sen bar. Seni gujagynda saklady ýurduň, Senem gezdiň onuň halyny sorap. ...Şahyr juda mätäç Watan mährine, Watanam şahyra mätäç şonçarak. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
