20:42 Ýagşy niýetler | |
![]() Watan hakda ýazan ýekeje goşgym, Özge ülkelerde ýyladyp bilse, Il ezizligini gursaga guýup, Uçgun bolup kalbyňyzdan jaý alsa. Çeşme hakda ýazan ýekeje goşgym, Sähralara, giň çöllere çykanda, Teşne lebleriňe damja deý damyp, Kuwwat bolsa pellere çil çekende. Dostluk hakda ýazan ýekeje goşgym, Ýalňyz ýüregiňe teselli bolsa, Agyr günler goltugyňdan göterip, Ganat bolup çöken göwnüň awlasa. Söýgi hakda ýazan ýekeje goşgym, Öwretse bu dünýä gülüp bakmagy, Mähir bilen gaýnaýanny durmuşyň, Diňe söýgi bolup gelip gitmegi. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |