21:09 Meniň şeýle mährem ejem janym bar | |
Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Tapmaryn dünýäde şoňky deý ýürek. Mähir derýasynda joşar tolkunlar, Ýöne gerek bolmaz gaýykdyr kürek. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Älemiň bar nury jemlenen onda. Intizar mydama ýoluma garap, Goltugymdan götermekçi her demde. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Hoşgylaw, mylaýym, ajaýyp zenan. Göýä açylmadyk syrly kitapdyr, Ak säher bagtly gün bu dünýä inen. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Sulhuň alyp, göwnüň galkar şo bada. Sadalyk, pespällik hem mähribanlyk, Çörek deý zerurdyr her adamzada. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Maňlaýymda ogşan yzlary bardyr. Eneleriň söýgüsinden bu zemin, Dört pasyl aýlanýan aýdymdyr, sazdyr. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
