04:23 Söýer ýaly | |
Näme günä, ýazgym bar?! Ýalňyzlykda goýar ýaly. Az pursatlyk tazygan ýar, Özge güli söýer ýaly. Arzuwymda diňe özüň, Çeşme boldy gara gözüm. Ýüregimde gamgyn sazym, Monjuk deýin düzer ýaly. Sensiz boşap galdy kalbym, Gama batdy sagy-solum, Duşman gözler aldy aryn, Ömürbaky köýer ýaly. Her pursatda ymtylanym, Ömür, örküm gatylanym, Jebir çekip çytylanym, Ojar bolup köýer ýaly. Mähriň bilen gurşap al sen, Ganatym bol, göge galsam. On sekizi ýada sal sen, Ömür meni söýer ýaly. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
