02:51 Pursatlar | |
Söýgi bilen galaýyn men bir pursat, Näzik kalbym ynjamasyn söýmeden. Onuň gözlerine bakyp bada bat, Ýadamaryn ömürlik gal diýmeden. Şygyr bilen galaýyn men bir pursat, Joşaýyn bulagyň akyşy ýaly. Teşne köňüllere gireli bile, Güneşiň zemine bakyşy ýaly. Mukam bilen galaýyn men bir pursat, Perdelere mähir bolup siňeýin. Göwün guşum al asmana uçuryp, Arzuwlaryň ganatynda ýüzeýin. Bägül bilen galaýyn men bir pursat, Iç içinden açylşyna bakyplar. Her gunçasy nur saçanda çar ýana, Goý, garaşsyn gelerime bakyplar. Söýgi, şygyr, mukam güller gurşalan, Zemin gujagynda baky galaýyn. Ýüregim mähirden, bagtdan joş alan, Sähralara maýsa bolup dolaýyn. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
