09:41 Bagt nirede? | |
“Bagt nämede?” diýip soraýaň menden, Diýýärsiň: “Hany, aýt, nirede bagt?!” Küti-küti kitaplary agtarsaň, Nagt, bu soragyň jogaby nagt! “Bagt-jansaglykdyr” diýip gidipdir Gadym eýýäm ýaşap geçen bir dana. Ýazylypdyr iri-iri harp bilen: “Päk zähmetdir bagt getirýän ynsana!” “Agzybirlik - bagt”, “Parahatlyk — bagt”, Sanap gutarardan kän onuň yzy Kitaby gürrüňe ynansaň, asyl, Bagtdan ybarat dünýäniň özi! “Bagt nämede?” diýip soraýaň menden, “Bagt nirede?” diýip goýýarsyň derde… Alymlara hergiz ynanma, janym, Bagt — seň nazaryň eglenen ýerde! Tirkeş SADYKOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
