09:37 Men saňa düşünýän | |
Ne häzir, görýäň sen öten-geçeni, Ne häzir, sen yssy-sowugy duýýaň. Hyýal ganatynda göterýär seni, Uçaýsam, Uçaýsam, Uçaýsam diýýäň! Kalp içre bir gizlin şatlygy buşlap, Öz-özüň ýylgyrýaň, Öz-özüň gülýäň. Elwan dodaklarňy çalaja dişläp, Gepläýjek, Gepläýjek, Gepläýjek bolýaň! Köçäniň ugrunda gabat gelenler Syrly nazar bilen geçýär duşuňdan. Syn edip ýigitler, gyzlar, gelinler, Kemlik tapjak bolýar akyl-huşuňdan! Maňa örän tanyş ahwal-bolşuň seň, Bu meniň başymdan geçipdi ozal. Şonuň üçin saňa galmaýaryn geň, Men saňa düşünýän, düşünýän, gözel! Tirkeş Sadykow. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
