09:55 Bahar - eneleriñ köñül baýramy | |
Bahar - eneleriñ köñül baýramy Törlerde ýazylar kerem saçagy. Bu baýramyñ dünýä belli ýaýrawy - Enä, uýa dünýäñ gujak açany - Abatlygyñ arzuwynda ojagy. Bu ak ýollar kökün urup hakyda Zerinaýdyr, Tumar hatyn, Altynjan! Mert zenanlar göýä bu gün ýakynda - Mertebesi bolup dünýä galkan, jan! Saz çal uýam, düýnüñ ýaly - tolkun, jan! Ertekide göreş tutan ezber gyz, Gaýdyp gelip ýeñişlere ýar boldy. Bilezigin alan ýigit dözmez, gyz Mergen gyzlar, türgen gyzlar bar boldy, Agyrlygy götermekde zor boldy. Şägirdi kän bu gün Saçly Dursunyñ, Münüp ýörler Rodogunañ atyny. Zähmete, ýeñişe besläp gursagyn, Ogul-gyzy, bu gün ösýär Watanyñ, Altyn sallançaga duşdy Watanym. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
