05:02 Bahar soneti | |
|
Toý tutýar, depregin kakyp dur asman, Guşlar sazyn düzýär– çagyrlan ýaly. Zemin atyr sepinipdir gaýgyrman, Bar ýere düşäpdir al-elwan haly. Özi geldi düýnki gizlenen beýdiň, Dünýä sygman, joşup-gaýnap dur göwün. Näçe günläp ýada düşmedik aýdym Dilimiň ujuny oýnap dur bu gün. Keýpi kök, asmanyň alyp depregin, Bogazymy arçap, açyp kükregim, Şo-l aýdymy dünýä ýaýasym gelýär. Ak görünse görünbersin saçlamdan, Geň zat däl ol galandyr-da gyşlarda Häzir söýülesim, söýesim gelýär. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
