14:48 Başlyk hakynda ballada | |
Başlygymyz ähli zatdan eý gördi, Agyz diýen ýyrtyk gädijegini. Ak sadap dişlerne altyn geýdirdi, Bil baglap ynamy ödejegine. Beýan edip, söýgüsini, yşgyny, Gurdurdy ol Şasenemiň köşgüni. "Gyzyl çaýyp" berdi gülüň keşbini, Kyrk ýaşan aýalnyň dodajygyna. Öten ýyl kurorta baryp geldi ol, "Dynç alyp", köp ýeri görüp geldi ol. Täzeje "Žiguli" sürüp geldi ol, Hiňlenip ozalky kadajygyna. Indi göz gyzaryp heserlenýärmiş, Düýşünde gyz alyp, basyrganýarmyş. Ýöne kanun oňa hödürleýärmiş, Günäliň "dynç alýan" adajygyny. Baýram AMANGYLYJOW. "Tokmak" žurnaly, 1992 ý. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
