15:42 Baýrak | |
Toý güni. Märeke. Şatlyk-şagalaň. Ynha, bir gapdalda göreş meýdany. Adamlar ses-üýnsüz synlap durdylar, Ýagyrnysy aştagta deý pälwany. Dyzyna çen düýrüp balagnyň gonjun, Ýylgyrýardy iki baka gezmeläp. Eýýäm taýyn durdy serpaýly horjun, Pälwan bolsa töweregne gözleýär. Hol gyrada göge tutup temegin, Toýuň baş baýragy-köşekli düýe, Bir ýaşuly sakgalyny darady: Gymmatly serpaýa kim borka eýe? Toýa myhman gelen goňşy obaly, Eginleri küňre mysaly pälwan, Göreşe çykjaklaň howuny basyp, Badyhowa gezmeleýär ikiýan. Myhman gelen pälwan hem ala meýdan, Kyn eken alaçsyz seredip durmak, Häzir olar üçin uly baýrakdy, Şol myhman pälwany agdaryp urmak. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
