09:15 Gyş rubagylary | |
Men bi setirlere başlapdym gyşda, Nagyşlapdym, çekip owadan keşde. Tamam bolup bilmän taşlanan şygyr, Bu gyş myradyna ýetsedi käşge. * * * Tomus tam üstünde sererdik kişde, Nogul-nabat bilen iýerdik gyşda. Wah, halys garrapdyr erik bagymyz, Çagalyk ýyllaram galypdyr daşda. * * * Buz deý sowuk depämdäki semalar, Hazlap ösýär ýiti dişli şemallar, Tüm alysda zaryn uwlaýar böri, Ýakyn dostun aldyran deý hamala. * * * Asman görkden gaçdy, geçip durna gaz, Indi ýerde-gökde edýär garga baz. Gyş karam bir oýnuň gurbany ýaly, Ak garly manzara, ýakymsyz owaz * * * AýaZZaýa edip nowçalan bagy, Hanjar sanjan eken gunçalan çagy, Umytly baglary aýaz urmasyn, Hem öçmesin köňülleriň çyragy. * * * Gökden gaçdy bir-iki, soň üç-dört tozga, Soňra sanap ýetişmedi-dä gözler. Men ak gar içinde gara perişde, Meni söýjek ýokdur özüňden özge. Sylapberdi MUHAMOW. 10.12.24. Aşgabat, Köşi. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
