13:03 Daglar hakda geňräk goşgy | |
Säher bilen bakyp goja daglara, Nepesim durladym tämiz howada. Öz göwnüme diýdim: özüň aldama, Menmikäm diýp ýalňyz, kämil, gowadam. Hatda şol daglar nä, ana şolaram, Kämillik bagtyndan büs-bütin üzňe. Näme diýp gygyrsaň baryp zawlara, Gaýtalap dur daglar seredip ýüzňe. Sen däli diýseňem, sen däli diýip, Gaýtalaşyp durandyr ol seň bilen. Sen dana diýseňem, daglar has beýik, Saňa dana diýer belent heň bilen. Men dag bolan bolsam, bir kişem gelip, Ýüzüme gygyrsa sen däli diýip, Agyr dymyp, oýlanardym bir salym, Rast aýdýarsyň, men şol Mejnun dagy diýp. Ýa-da ýene gelip sypaýy biri, Gygyrsa: - He-he-heý, kämil dag diýip, Oýlanaryn gam-hesrete birigip, Kämillikden nyşan nämäm bar diýip?! Ýok, men diňe dymyp öterin eger, Dag bolmaklyk ýazlan bolsa takdyra. Hala tekepbirlik, hala-da çyn diý, Hatda bulaklaram sessiz akdyryn. Sylapberdi MUHAMOW. 05.06.2021 ý. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
