07:51 Biliñ | |
|
Aňyrsyna ýetmän aýdylan sözüň, Müňe zyýanynyň ýetýänin biliň, Hiç zatdan bihabar parahat ilden, Harasadyň sowlup geçenin biliň. Watana gerekdir Mejnun söýgüsi, Topraga gerekdir daýhan gaýgysy, Ýetişen önüme halkyň öwgüsi, Şu zatlaryň dogrudygyny biliň. Awçy men diýip, daglarda gezseň, Awym şowly diýip, artykmaç atsaň, Bigünä jandaryň ömrüni kesseň, Gowulyga däldir, şuny bek biliň. Baýlygym kän diýip, asmana baksaň, Pula bitýär diýip, birini ýaksaň, Bigünä adamy ýylan dek çaksaň, Soragy köp bolar, şuny bek biliň. Halkymyň gaýgysy ýurdy bolmaly, Döwletiň gaýgysy halky bolmaly, Birigip Watanyň bili bolmaly, Şu şygary öňe sürmäni biliň. 07.08.2011 ýyl. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
