19:47 Bilýäňmi, kim sen | |
Owazym sen — Ykbalymy oýadan. Mumyýam sen — Atyp aldym gaýadan. Ganatly bagtym sen, Pyýada ýetdim. Tylla balygym sen, Tor gurup tutdum. Ertirim sen, şu günüm sen, düýnüm sen. Elwan baharym sen, Tylla güýzüm sen. Namysym sen — Görejim deý goradym. Medinäm sen — derwüş bolup soradym. Baş goýdum ýoluňa, Kükregim açdym. Bilýän sen näçe ýyl nädip garaşdym! Bilýäň, ne dertlere dözmeli boldum, Bilýäň, ne şertleri bozmaly boldum. Ah, indi şeýle bir goraryn gaýym: Söweş baýdagym sen — Taşlasam — haýyn. Sen — ömür kerwenim. Iň soňky pelläm. Sen — özüme goýan iň soňky gülläm... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
